JEMGYÝET

Nobel hepdeligi: lukmançylyk ugrunyň ýeňijileri belli boldy

2021-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy Dewid Julius we Ardem Pataputýana berildi. Alymlar bu abraýly baýraga temperatura we duýgurlyga jogap berýän reseptorlary tapandygy üçin berildi. Nobel komiteti bu barada öz web sahypasynda belläp geçdi.

Geçen ýyl Harwi Olter, Çarlz Raýs we Maýkl Hafton gepatit C wirusyny tapandyklary üçin bu baýraga mynasyp bolupdylar.

DALAŞGÄRLERI SYLAGLAMAK WE HÖDÜRLEMEK
Karolinska institutynyň 50 professoryny öz içine alýan Nobel Assambleýasy bu baýragyň berilmeginden jogapkärdir. Assembleýanyň esasy organy Nobel komiteti.

Bu baýraga Karolinska institutynyň Nobel mejlisiniň agzalary we Nobel komitetinden ýörite çakylyk alan fiziologiýa ýa-da lukmançylyk we himiýa boýunça Nobel baýraklarynyň eýelerini gowşurmak üçin dürli ýurtlardan alymlar dalaşgär görkezip bilerler. Dalaşgärleri her ýylyň sentýabr aýyndan indiki ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli hödürlenip bilner.

1901-nji ýyldan bäri luklmançylyk ugry boýunça 111 Nobel baýragy berildi. Şol baýraklaryň 12-sine zenan alymlar mynasyp boldy.

Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragyna ilkinji bolup, difteriýa garşy immunizasiýa usulyny döreden nemes lukmany, mikrobiolog we immunolog Emil Adolph fon Bering eýe bolupdy.

Nobel baýragyna mynasyp bolanlar medal bilen bir hatarda 10 million şwed krony (takmynan 1 million 145 müň dollar) pul baýragyna mynasyp bolýarlar. Olara baýraklary dekabr aýynda Oslo şäherinde geçirilýän dabarada gowşurylýar.

 

Birža täzelikleri: BAE-li işewürler nah ýüplügini satyn aldylar

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder