SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Nigeriýa 2 sany sanjym işläp düzdi

Nigeriýada koronawirusa garşy iki sany ýerli sanjymyň işlenip taýýarlanandygy mälim edildi. Koronawirusa garşy göreşuň çäginde ýurtlar sanjym maksatnamalaryny gyssagly durmuşa geçirmek üçin tagalla edýär. Häzirki wagtda dünýäde bar bolan sanjymlardan başga-da köp ýurtda täze koronawirus sanjymlary boýunça gözlegler dowam edýär.
Günbatar Afrika ýurdy bolan Nigeriýada hökümet sekretary we koronawirusa garşy göreş bölüminiň başlygy Boss Mustapha öz beýanatynda ýurtdaky alymlaryň koronawirusa garşy iki sany ýerli sanjymy taýýarlandyklaryny aýtdy.
Sanjymlaryň kliniki synaglarynyň dowam edýändigini mälim eden Mustapha, “Sanjymlar kliniki synaglar gutarandan we tassyklanandan soň ulanylar. Bu ylmy açyşda täze bir garaýyş getirer we ýurtdaky lukmançylyk pudagynyň abraýyny ýokarlandyrar” – diýip belledi.
Nigeriýa koronawirus sanjymlary global elýeterlilik maksatnamasy (COVAX) boýunça 4 million 224 müň doza “AstraZeneca” sanjymyny alypdy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/gormezden-oynalyan-kust-rekordy/

Ýene-de okaň

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris