TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Niderlandlaryň çigildem meýdany

Niderlandlaryň Patyşalygy öz gülleri bilen meşhurlyk gazanan döwlet bolup, çigildemler ol ýurdyň ajaýyp simwolyna  öwrüldi. Her ýylda ýüzlerçe müň syýahatçy bu ajaýyplygy synlamaga gelýärler.

Mart aýyndan awgust aýyna çenli bu ajaýyp ýerlere baryp görýän syýahatçylar hasda artýar. Dürli reňkli çigildemleriň giň ekin meýdanlary ägirt uly meýdany eýeläp ýylda birnäçe aýlap owadan gül meýdanlary älemgoşaryň ähli reňklerini ýada salýar. Bu ajaýyp görnüşi  beýik ýerlerden seredeniňde belli bir geometrik şekilleri emele getirýär.

Umuman alanyňda, oba hojalyk ekin ekilýän ýerlerine her ýylda 3 milliarddan gowrak gül ösdürilip ýetişdirilýär. Ekin ýerlerde ösdürilip ýetişdirilen gülleriň hemmesi diýen ýaly beýleki ýurtlara eksport edilýär.

Gülistan Gurbanowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

 

Täsinlikler dünýäsinde höwes güli

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle