SPORT

Neýmar täze topar gözleýär

Angliýanyň “Çelsi” topary Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparynyň braziliýaly hüjümçisi Neýmar bilen gyzyklanýar. Iňlis topary özüniň belgiýaly hüjümçisi Romelu Lukakuny täzeden Italiýanyň “Inter” toparyna kärendesine iberdi.

Şondan soňra topar özüne täze hüjümçi gözläp başlady. Şolaryň hatarynda öňdäki orunlarda braziliýaly ýyldyz Neýmar hem bar.

Mundna başga-da, 30 ýaşyndaky futbolçy bilen Italiýanyň “Ýuwentus” hem-de 2017-nji ýylda taşlap gaýdan topary “Barselona” hem gyzyklanýar. Her iki topar onuň üçin 50 million ýewro hödürleýär.

Bu toparlaryň hataryna “Çelsi” hem goşuldy. Neýmaryň farnsuz topary bilen baglaşan şertnamasynyň möhleri 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar.

Emma muňa garamazdan, köp sanly bilermenler Neýmaryň fransuz toparynda galjakdygyny belleýärler. Sebäbi Neýmar bu toparda her möwsümde 50 million ýewro töwereginde girdeji gazanýar. Oňa şu möçberde aýylk haky berip biljek Ýewropada başga topar ýok bolsa gerek.

 

Türkmenistan TürkPA-nyň mejlisine gatnaşdy

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder