JEMGYÝET

Neşiriň taryhynda ilkinji gezek

Žurnalist Salli Bazbi «The Washington Post» gazetiniň baş redaktory bolan ilkinji zenandyr. Bu barada gazetiň ýerine ýetiriji direktory Fred Raýan: «Salli Bazbiniň halkara habarlar guramasyna ýolbaşçylyk etmekde uly üstünlikleri we baý tejribesi bar» diýip, oňa ýokary baha berdi.

Bazbi 1988-nji ýyldan bäri «Associated Press» habarlar gullugynda habarçy, soň bolsa býuronyň başlygy bolup işleýär. 2017-nji ýylda ol habarlar gullugynyň baş redaktory wezipesine bellendi. Köp sanly gözlegleri ösdürmäge uly goşant goşan žurnalist 2019-njy ýylda «Associated Press» tarapyndan Ýemen söweşiniň beýany üçin «Pulitser» baýragyna eýe boldy.

Täze wezipesi barada Bazbiniň özi şeýle diýýär:

― «The Washington Post» gazeti sanly metbugatda öňdebaryjy žurnalistiki mirasy bolan gurama…  Şeýle uly žurnalistleriň toparyna ýolbaşçylyk etmek buýsançdyr .

Ol şu ýylyň 1-nji iýunynda işe başlar we fewral aýynyň ahyrynda bu wezipeden aýrylan Marti Baronyň ornuny tutar. «Associated Press» habarlar gullugynda wise-prezident we dolandyryjy müdir Braýan Karowillano we wise-prezident Dewid Skott baş redaktoryň wezipelerini bölüp alar.

 

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny eýeledi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti 3-nji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Pan Gi Mun Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga goşandyna ýokary baha berdi

Bitaraplyk binasy döwrebaplaşdyrylýar

Aşgabatda Bitaraplyk zolagy dörediler

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň mejlisi: ýanwar aýynyň ykdysady ösüşi