TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Nebitgaz pudagyna 234 million manatdan gowrak serişde goýberiler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz iş maslahatynda “Türkmengaz” döwlet konsernine hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna karz serişdelerini bölüp bermek hakynda degişli resminamalara gol çekildi.

Bu resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin 234 million 530 müň manatdan gowrak serişde goýberiler.

Milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhümdigini göz öňünde tutup hem-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Türkmengaz” döwlet konsernine jemi 159 million 530 müň 900 manat möçberinde we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna 75 million manat möçberde maýa goýum serişdesini bermek barada karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow karz serişdeleriniň ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak üçin gönükdirilmeginiň Garaşsyz döwletimiziň maliýe taýdan kuwwatlydygyny aýdyň görkezýändigini belledi we degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlary şeýle:

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmengaz” döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin degişli möçberdäki karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.

***

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin degişli möçberdäki karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.

 

Türkmen topragy-dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle