TEHNOLOGIÝA

“NASA” Aýda Wi-Fi ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär

ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy (NASA), Ogaýo ştatynyň Kliwlend şäherindäki Glenn gözleg merkezinde Aýda “Wi-Fi” (simsiz sebit) ulgamyny döretmek boýunça işe başlady. “NASA” kompaniýasy dünýädäki internet birikmesi meselelerini “Wi-Fi” gözlegleri bilen çözmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Bu iş, sebitiň ykdysady ösüş gullugy “Greater Klivlend Partnership” kompaniýasynyň “NASA” bilen habarlaşandan soň başlandy.

Gözleg geçirilen Glenn gözleg merkeziniň kompas barlaghanasynyň başlygy Stiw Oleson “Wi-Fi” taslamasynyň dünýäde ygtybarly aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin möhümdigini aýtdy. Oleson Ýer we Aý gurşawy dürli-dürli bolsa-da, Aýdaky “Wi-Fi” ýygylyklarynyň Ýerdäki ýaly bolup biljekdigini hem mälim etdi.

“Louis Vuitton” markasy barada maglumat

 

Related posts

Awtoulaga uçmaga rugsat berdiler

Ata Watan Eserleri

Žurnalistleriň işini tehnologik enjamlar ýerine ýetirer

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama