MEDENIÝET

Müsürde 3 müň ýyllyk altyn şäher tapyldy

Zahi Hawassyň ýolbaşçylygyndaky müsürli arheologlar ýurduň günortasyndaky Luksor şäheriniň golaýynda guma gömlen, 3 müň ýyllyk taryhy bolan şäheriň üstünden bardylar.

Şäher Müsüriň iň uly hökümdarlaryndan biri, miladydan öňki 1391-nji ýyldan 1353-nji ýyla çenli höküm süren 18-nji neberäniň dokuzynjy hökümdary Amenhotep III tarapyndan esaslandyrylan bolmaly.

Ýeri gelende aýtsak, bu şäher dünýäniň dürli künjeklerinden gelen arheologlar tarapyndan eýýäm uzak ýyllardan bäri gözlenilip ýörlen şäherdi. Ahyrynda ony tapmak ýerli arheologlara miýesser etdi.

Toparyň ýolbaşçysy Z.Hawassyň aýdyşy ýaly, şäheriň käbir diwarlarynyň uzynlygy üç metre ýetýär.

Gazuw-agtaryş işleri 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda başlandy we olaryň ilkinji tapgyrlarynda arheologlar gadymy kerpiçleriň galyndylaryna gabat geldiler. Az salymdan bolsa diwarlary we otaglary doly diýen ýaly goralýan we içki bölegi gündelik zerur serişdeler bilen doldurylan şäher binalarynyň üstünden bardylar. Bu şäher geçmişde «Altyn şäher» diýlip atlandyrylypdyr

 

Oraza hasaplaýjysy: Agyz Beklenýän we Açylýan wagtlar

 

 

Ýene-de okaň

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi

Aşgabatda Weli Muhadowa bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri geçiriler

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi