SIZDEN GELENLER

Mukamlara siňen ýürek buýsanjy

Aýdym-sazsyz ynsanyň durmuşyny göz öňüne getirip bolmaýar. Elbetde ynsan dünýä inen gününden başlap, aýdym-sazlaryň owazy bilen ýaşaýar. Ajaýyp mukamlaryň sazlaşygy adamyň ruhy medeniýetine, pikirine, duýgusyna uly täsirini ýetirip, kalbyny gunduz ýaly tämizleýär. Türkmeniň aýdym-saz sungaty hem öz köklerini gadym döwürlerden alyp gaýdyp, ol dünýäniň  aýdym-saz sungatynda uly orny eýeleýär. Şundan ugur alnyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji günlerimizden başlap, milli aýdym-saz sungatymyzy ýokary derejelere götermekde we ýaşlarymyzyň zehinlerini açyp görkezmeklerinde uly müçmkinçilikler döredilýär.
Her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýän
Watanymyzda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýaş aýdymçylary sungat älemine ruhlandyryjy ylhamdyr. Bu bäsleşige gatnaşmak, çykyş etmek her bir ýaş aýdymçynyň ýüreginde uly tolgunma, joşgun, şatlyk, buýsanç döredýär. Biz golaýda «Türkmenistan –– Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan zehinli aýdymçylaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk.

Bägül Ataýewa, 
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşliginiň      Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy,       
 «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi:
         –– Sungat äleminde kimseler ata-enesiniň kesbini dowam etdirýär, kimse bolsa kalbyndaky ylhama, joşguna berlip aýdym-saz dünýäsine girişýär. Men çagakam kakam dutar çalyp, aýdyma hiňlenende onuň ýanyndan aýrylman saz diňlärdim. Kakamyň çalýan sazlary meniň aýdym-saz sungatyna bolan höwesimi oýardy. Aýdym aýtmaga 5-6 ýaşlarymdan başladym.  Men Döwletgeldi Ökdirow, Gadam Gurbanow, Gurban Gummanow, Bägül Orazgeldiýewa, Annaberdi Atdanow ýaly ussat halypalaryň aýdýan aýdymlaryny ürç edip gaýta-gaýta diňlärdim. Özümçe olaryň aýdýan aýdymlaryna hiňlenerdim. Ilkinji aýdan aýdymlarym  hem Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň «Maral gyz», «Dillen, Läläm» ýaly aýdymlarydy. Meniň ilkinji çykyşlarym mekdep sahnasyndan ýola düşdi. 7-nji synpda okaýan wagtym mekdebimize welaýatymyzyň Peşanaly şäherçesinde medeniýet öýüniň açylýandygyny we höwes bildirýän mekdep okuwçylaryň şol ýere baryp, gurnaklara gatnap biljekdikleri barada çakylyk geldi. Şeýlelikde, okuwdan soň şol täze gurlan medeniýet öýüniň aýdym-saz gurnagyna gatnap başladym.  Elbetde, haýsy kärde bolsa bolsun, her kimiň özüne halypa tutunýan ussady bolýar. Maňa hem  Söýünowa Oguljan mugallym halypalyk etdi.  Halypamyň nusgalyk ýoly maňa görelde mekdebi boldy. Ol aýdym aýtmagyň syrlaryny, inçe tilsimlerini öwretdi. Orta mekdebi tamamlanymdan soň, S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebine okuwa girdim. Okuwymy tamamlap, etrabymyzyň Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy bolup işe  başladym. Meniň köpden bäri ýüregime düwen arzuwlarymyň biri hem «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşyp, öz zehinimi synap görmekdi. Şeýlelikde  welaýat tapgyrynda «Leýli-Mejnun» dessanyndan «Torgaý guşlar» diýen halk aýdymy ýerine ýetirip, jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandym. Jemleýji tapgyr örän gyzykly we çekeleşikli geçdi.  «Ýaňlan, diýarym » atly telebäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Eziz Diýarymyzda aýdym aýtmaga, bagtyýarlyk döwrümiziň waspyny şirin owazda ýetirmäge ähli şertler bar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz –– belent bir daragt. Onuň miwelerini sanap gutaryp bolmaz. Bu beýik daragtyň saýasyny her bir türkmen raýatynda görmek bolýar. Baş baýramymyz –– mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy ynha bosagada dur. Nesip bolsa bu uludan tutuljak toýda Berkarar zamanamyzy wasp etjek joşgunly aýdymlarymyz bilen çykyş ederis. Türkmen halkyna ajaýyp zamanany döwletli döwrany bagyş eden Gahryman Prezidentimize bolan minnetdarlygymyz çäksizdir. Goý, milli Liderimiziň jany sag, alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Dörtguly Kerimow,     
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet bölüminiň Garadegiş oba medeniýet öýüniň akkomponiatory,     
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi: 
         –– Aýdym-saz jadyly sungat. Ol her bir ynsanyň kalbynda ýaşaýar. Çagalykda öýümizde hemişe şirin owazly aýdym-sazyň, dutar-gyjagyň sesi ýaňlanar durardy. Bagşyçylyk sungatynda meniň ilkinji halypalam, kakam we agam Türkmenistanyň halk artisti Rejepguly Kerimow. Olaryň kömegi bilen saz çalmagy, aýdym aýtmagy dutar-gyjak çalmagy kem-kemden ele aldym. Aýdym aýtmagy, esasan hem, halk aýdymlaryny aýtmagy diýseň gowy görýärin. Halypalarym Rejepguly Kerimowyň we Nurberdi Gulowyň aýdymlaryny höwes bilen diňlärdim. Orta mekdepde 2-nji synpda okaýan wagtym ýurdumyzda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» basleşigine gatnaşyp 1-nji orna mynasyp boldum. Şeýle-de 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Medeniýet ministrliginiň şanly Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyl baýramy mynasybetli  yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň bagşylary» atly bäsleşigine gatnaşyp, ýurdumyz boýunça 2-nji orny eýeledim. Ynha bu ýyl bolsa «Ýaňlan, Diýarym» telebäsleşiginde «Aşyk çaňly» dessanyndan «Bibi» diýen halk aýdymy ýerine ýetirip ýeňiji bolmagy başardym. Şanly Garaşsyzlyk toýuň öňüsyrasy gazanylan bu ýeňiş meniň üçin unudylmajak şatlykly pursada öwrüldi.
Garaşsyzlyk milletiň ruhuna ruh, mertebesine mertebe, dowamatyna dowamat goşýar. Bagtyýar halkymyzyň döwletli bosagasynda şanly sene — döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy dur. Şeýle ajaýyp zamanada biz ýaşlaryň doly derejede döredijilik bilen meşgullanmagymyza uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, bu röwşen ýolda Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Pursatdan peýdalanyp ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyly bilen hormatly Prezidentimizi we bütin türkmen halkyny, tüýs ýürekden gutlaýaryn.

   «Ýaňlan, Diýarym» telebäsleşigi halkymyzyň aýdym-saz hazynasynyň ruhy baýlygyny belentliklere ýetirmekde, ýaş aýdymçylaryň zehinini açyp görkezmegine we baýlaşdyrmagyna, bu ugurdan okuwly tejribeli bolup ýetişmeklerine giň ýol açýar. Telebäsleşige gatnaşanlaryň ençemesi häzirki wagtda özleriniň ähli zehin-ussatlyklaryny siňdirip täze bir ýiti zehinli ýaş aýdymçylary taýýarlaýarlar. Bu bolsa olaryň ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde öz ukyp-başarnyklary bilen arzuw-isleglerine ýetjekdikleriniň aýdyň nyşanydyr. «Ýaňlan, Diýarym» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan ýaş zehinleriň ýürekleri ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň joşguny bilen gurşalandyr. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Milli Liderimiziň we bütin türkmen halkynyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 30 ýyllygy gutly mübärek bolsun!                                  

Söhbetdeş bolan Merjen Jumagylyjowa
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz