SPORT

Mourinýo tälimçilikden boşadyldy

Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň baş tälimçisi portugaliýaly Žoze Mourinýo toparyň tälimçilik wezipesinden boşadyldy. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Mourinýo bu toparyň tälimçilik wezipesine 2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda bellenilýär. Portugaliýaly tälimçiniň tälim bermeginde “Tottenhem” topary ähli çempionatlarda çykyş edip, olardan 45 ýeňiş, 17 gezek deňme-deňlik we 24 gezek ýeňlişe sezewar bolupdyr. Çempionatyň soňky üç duşuşygynda bolsa olar “Nýukasl” topary bilen 2:2, “Ewerton” topary bilen 2:2 deňme-deň oýnap, “Mançester Ýunaýted” toparyndan bolsa 3:1 hasabynda utuldy.

Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynyň tamamlanmagyna 6 tapgyr galanda, “Tottenhem” topary sanawda 50 utuk bilen 7-nji orny eýeleýär.

“Žoze we onuň tälimçiler topary, topar üçin iň kyn döwürde bize ýardam berdiler. Žoze pandemiýa döwründe ajaýyp çydamlylygy görkezen hakyky hünärmen. Men onuň bilen işlemekden lezzet aldym we hemme zadyň ikimiziňem garaşyşymyz ýaly bolmandygyna gynanýaryn. Ol bu ýerde hemişe uly hormat bilen garşylanar, goşan goşandy üçin oňa we tälimçiler toparyna minnetdar bildirýärin” diýip, “Tottenhem” toparynyň prezidenti Deniel Lewi belläp geçýär.

Žoze Mourinýo “Totenhem” toparynyň tälimçilik wezipesinden öň, “Mançester Ýunaýted” toparyna tälim berendigini hem ýatladýarys.

 

Awstraliýa ― Täze Zelandiýa howa gatnawlarynda karantin gözegçiligi aradan aýryldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy