SPORT

Moldowanyň topary ilkinji gezek Çempionlar ligasynda çykyş edýär

UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda Zagrebiň “Dinamo” topary bilen 0:0 hasabynda oýnan we ilkinji duşuşygynda 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan Moldowanyň “Şerif” topary uly üstünlik gazandy. Bu topar Çempionlar Ligasynda oýnamaga hukuk gazanan ilkinji moldowan topary boldy.

Ýuriý Wernidubyň tälimçilik edýän topary Çempionlar Ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda oýnamaga hukuk gazandy. Bu topar UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrlarynda  “Teutu”, “Alaşkert”, “Srwena Zwezda” hem-de “Dinamo Zagreb” toparlaryndan üstün geldi.

“ŞERIF” TOPARYNYŇ TARYHYNDAN…

“Şerif” – Moldowanyň çempionatynda oýnaýan we soňky alty ýylda çempion bolan topardyr.

“Şerif” kompaniýasynyň adybir topary köp ýyllardan bäri öz ýurdunyň çempionatynda üstünlikli çykyş edip gelýär. “Şerif” kompaniýasy supermarketler, esasy telefon operatory, ýangyç guýulýan stansiýalar we awtoulag satyjylary ýaly ähli esasy sarp ediş hyzmatlary kärhanalarynyň aglabasyna eýeçilik edýär.

2019-njy ýylyň ahyrynda Moldowanyň çempionatynda uly özgerişlikler geçirildi. Daşary ýurtly futbolçylaryna girizilen çäklendirme aradan aýryldy. Şonuň üçin “Şerif” toparynyň düzüminde ýeke-täk moldowaly futbolçy bar.

 

Türkmenistan Owganystany elektrik bilen üpjün edýär

 

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri