JEMGYÝET

Modeller öýleriniň arasynda bäsleşik

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi modeller öýleriniň arasynda bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde modeller öýleriniň arasynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşigi yglan edýär

Bäsleşik esasy 3 ugur (nominasiýa) boýunça geçirilýär:

«Baýramçylyk lybaslarynyň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin),

«Sport egin-eşikleriniň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin),

«Gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin).

Ýeňijiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň şahadatnamasy we sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2021-nji ýylyň 26-njy apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.

Elektron salgysy: tmtextile@online.tm; tdsm-tikin@online.tm

Telefon belgileri: 40-70-72; 40-70-71; 40-70-68; 40-70-69; faks belgisi: 21-08-98.

 

Miras ÅŸahadatnamasy : Gerekli Resminamalar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogyna gatnaşýar

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri