TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Moda bilen baglanyşykly täsinlikler

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, her birimiz hem her pasla görä, geýinmek we şol pasylda moda hasap edilýän dürli biçüwdäki göwnümize ýaran, özümize gelişjek egin-eşikleri saýlap alýarys. Modanyň taryhy has gadymyýete daýanýar. Şu ýerde hem modanyň taryhynda täsin maglumatlary size ýetirmek isleýäris.

  • Dizaýnlaryň durmuşa geçmegine ýola goýan ilkinji iňňeler 30 müň ýyl öň haýwan süňklerinden öndürildi.
  • Mata diýenimizde ilkinji göz öňümize gelýän görnüşleri ýüpek, keteni, nah matalardyr. Bir ýüpek gurçugyndan ortaça 900 metr ýüplük öndürilýär.
  • Ilkinji moda žurnaly 1586-njy ýylda Germaniýada döredildi.
  • Ýatamyzda geýmek üçin niýetlenen ilkinji egin-eşikler 16-njy asyrda öndürilip başlandy.
  • Ilkinji resmi moda hepdesi 1943-nji ýylda Nýu-Ýorkda ýola goýuldy.
  • Ilkinji nyşany krokodil şekili bilen “Lacoste” peýdalandy.
  • Şa zenany Ýelizabet ýurdundaky zenanlara ýekşenbe günleri şapka geýmek barada karar çykarypdyr.

Wladimir Putin 69 ýaşady

Ýene-de okaň

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Noýabr aýynyň soňky 10 günlügi: halkara medeni çäreler

Teswirle