Ministrleriň telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň has hem pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler 2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berdiler.

Şu nukdaýnazardan, bu saparyň guramaçylygy, şol sanda saparyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar babatynda pikirler alyşyldy.

Taraplar şeýle-de şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegi bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

Ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň dowam edilmegi babatynda ylalaşdylar.

 

«Amazonyň» peýdasy üç esse köpeldi