DÜNÝÄ

Ministrler VI Hazar sammitini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler VI Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, 22-nji fewralda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşygy hem meýilleşdirilýär.

 

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň ikinji tapgyryna ak pata berildi

Related posts

Awstriýada Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Palestina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasynyň oba hojalyk ministrleriniň mejlisi geçiriler