TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Milli ýygyndymyzyň garşydaşlary 24-nji fewralda belli bolar

Öňümizdäki ýylda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna täze halkara synag garaşýar. Futbolçylarymyz 2022-nji ýylyň iýun aýynda Aziýanyň kubogy ― 2023-e gatnaşmak üçin saýlama duşuşyklary geçirer.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda saýlama duşuşyklar üçin bijeleriň çekiljek güni mälim edildi. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy saýlama tapgyrdaky garşydaşlaryny 24-nji fewralda biler. Şol gün AFK derejesinde saýlama ýaryşlaryň toparçalarynyň bijeleri çekiler.

AFK bije çekişligiň FIFA-nyň fewral aýyndaky reýting-sanawy mälim bolandan soň çekiljekdigini habar berdi. Bu bolsa ýokarda görkezilen senä gabat gelýär. Şol gün bije çekişligiň netijesinde alty toparça dörediler. Olaryň her birine dört milli ýygyndy wekilçilik eder.

AFK futbolçylaryň saglygyny goramak maksady bilen, saýlama tapgyryň duşuşyklaryny merkezleşdirilen görnüşinde geçirmegi makul bildi. Şeýlelikde, milli ýygyndylar garşydaşlary bilen toparçanyň haýsy hem bolsa bir wekiliniň öý eýesi bolmagynda duşuşarlar. Duşuşyklaryň 8-nji, 11-nji we 14-nji iýun günlerinde geçirilmegine garaşylýar. Merkezleşdirilen duşuşyklar bir aýlawdan ybarat bolar.

Şeýlelikde, alty toparçanyň ýeňijisi we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň bäşisi yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama bölegine 24 milli ýygyndy gatnaşar. Olar Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Iordaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Bahreýniň, Palestinanyň, Hindistanyň Taýlandyň, Filippinleriň, Kuweýtiň, Täjigistanyň, Mýanmanyň, Gonkongyň, Ýemeniň, Owganystanyň, Malaýziýanyň, Maldiw adalarynyň, Singapuryň, Nepalyň, Mongoliýanyň, Bangladeşiň, Şri-Lankanyň, Indoneziýanyň we Kambojanyň ýygyndylarydyr.

Eýranyň, Günorta Koreýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Liwanyň, Yragyň, Siriýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Omanyň, Wýetnamyň, Hytaýyň we Kataryň milli ýygyndylarynyň 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň finalynda eýýäm öz ornuny alandyklaryny bellemek gerek.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa taryhynda iki gezek gatnaşdy. Olaryň ilkinjisi 2004-nji, ikinjisi 2019-njjy ýyldadyr. Milli ýygyndymyz şol ýaryşlaryň ikisinde hem toparçalaýyn tapgyrda çykyş etdi.

 

Ýaponiýada 2021-nji ýylyň iýeroglifi saýlandy

 

Ýene-de okaň

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler üçin özbaşdak okuw meýilnamasy

Türkmen türgenleri Özbegistandaky çempionata gatnaşar

Teswirle