TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Milli Liderimiz Türki geňeşde täze başlangyçlary öňe sürdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Häzirki duşuşyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, şeýle hem Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň we Türki geňeşiň Baş sekretary Bagdad Amreýewiň gatnaşmagynda geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew sammite sanly ulgam arkaly goşuldy.

Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejede girmegi häzirki sammitiň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz bu sammitiň barşynda çykyş etdi. Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň işine hemişe uly hormat goýmak we gyzyklanma bilen garandygyny bellemek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we geňeşiň işini gowulandyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi.

Türki geňeşiň Birleşen Milletler Guramasynyň işine has işjeň we netijeli gatnaşmak syýasatyny işläp düzmäge girişmegini maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz şeýle hem  türki dilli döwletleriň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz energetika we ulag ulgamlary ýaly strategik ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli tekliplerini beýan edip, wodorody ösdürmegiň halkara «Ýol kartasyny» döretmegiň möhümdigini belledi.

 

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle