JEMGYÝET

Milli Liderimiz telefon arkaly Ärdoganyň ýagdaýyny sorady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi üçin onuň ýagdaýyny soramak we goldaw bermek maksady bilen telefon arkaly saglyk-amanlyk soraşmak isländigini belledi.

– Siziň özüňize mahsus bolan gujur-gaýrat, ruhy durnuklylyk bilen, nesip bolsa bu ýokanjy ýakyn wagtda ýeňjekdigiňize we gutuljakdygyňyza berk ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, zerur bolan halatynda hemişe ýardam bermäge hem-de hormatly doganym biziň taýýardygymyzy tassyklamak isleýärin.

Gadyrly, eziz doganym Rejep Taýyp Ardogan! Men sözümiň ahyrynda özüm bilem maşgalamyň adyndan Size we maşgalaňyz Emine hanyma gysga wagtda bu keselde gutulmagyňyzy we saglygyňyzyň dikeldilmegini Beýik Biribardan dileg edýärin – diýip, hormatly Prezidentimiz telefon söhbetdeşliginde belläp geçdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Türkiýäniň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine berk ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hat iberip, türk Lideriniň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belläpdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 5-nji fewralda özüniň we aýaly Emine Ärdogan koronawirus ýokanjyna duçar bolandygyny mälim edipdi.

 

Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi