Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” telekompaniýasynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolup, dünýäniň iri telekompaniýasynyň sowallaryna jogap berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.
“Euronews” telekompaniýasynyň tebigy gaz we energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada beren sowalyna jogap beren türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýandygyny belledi.
-Biziň ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Men ýene-de bir anyk mysaly getireýin: Türkmenistandaky «Galkynyş» käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Onuň gorlary tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr.
Bu sanlar ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň energiýa bilen diňe özümizi däl-de, eýsem, sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär. Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar. Şular ýaly taslamalary diňe energetika serişdeleriniň zerur möçberlerine eýe bolan ýurt öňe sürüp biler – diýip, Milli Liderimiz belledi.
Mälim bolşy ýaly, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşypdy.