JEMGYÝET

Milli Geňeşiň palatalarynyň deputatlary Döwlet ýer kadastryny taýýarlamaga gatnaşar

Şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet ýer kadastry baradaky meselä geçip, onuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ýaly wajyp wezipe bilen baglydygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Döwlet ýer kadastryny taýýarlamaga Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem mejlisde milletiň Lideri oba hojalygy boýunça ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek meselesine hem seretdi. Döwlet Baştutany wise-premýer E.Orazgeldiýewe gözegçilik edýän ministrliginiň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen etraplarda ýygy-ýygydan bolup, daýhan birleşikleriniň işini, gowaça ekişiniň alnyp barlyşyny ýerinde görmegi hem-de oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen tanşyp, olara zerur kömegi bermegi hem tabşyrdy.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistanyn-hokumet-wekiliyetinin-hytaya-boljak-sapary/

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov