TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Milletler Ligasynyň kubogyny Fransiýa gazandy

Fransiýanyň milli ýygyndysy Milletler Ligasynyň finalynda ýeňiş gazanyp, ýene-de bir abraýly kubogyň eýesi boldy.

Final duşuşygynda Fransiýa bilen Ispaniýanyň ýygyndylary duşuşdy. Fransiýanyň ýygyndysy bu duşuşyklda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň 64-nji minutynda Oýarsabal Ispaniýany 1:0 hasabynda öňe çykardy. Ýöne 66-njy minutda Benzema hasaby deňledi. Duşuşygyň 80-nji minutynda Kilian Mbappeniň goly Fransiýa ýeňiş getirdi.

Final duşuşygynyň iň gowy futbolçysy Karim Benzema boldy. Milletler Ligasynyň final tapgyrynyň iň gowy futbolçysy Serhio Butkets, iň köp tapawutlanan futbolçy Kilian Mbappe boldy.

Milletler Ligasynyň 3-nji orny üçin dujşuşykda Italiýanyň ýygyndysy Belgiýany 2:1 hasabynda ýeňdi.

3 IRI HALKARA ÝARYŞY GAZANAN ÝYGYNDY

Fransiýa 3 sany iri halkara ýaryşda ýeňiş gazanan ilkinji milli ýygyndydyr. 1998-nji we 2018-nji ýyllarda dünýä çempiony bolan Fransiýanyň ýygyndysy 1984-nji we 2000-nji ýyllarda Ýewropa çempiony boldy. Şeýlelikde, futbol boýunça esasy halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan Fransiýanyň ýygyndysy Milletler Ligasyny hem gazanan ýygyndy boldy.

DEŞAM 4-NJI KUBOGYNY GAZANDY

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Didýe Deşam 4-nji kubogy gazandy. Ol bu kuboklaryň 2-sini futbolçy, 2-sini bolsa tälimçi hökmünde gazanmagy başardy. Deşamyň tälimçiliginde 2018-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Häzir bolsa, Milletler Ligasynyň kubogyny gazandy.

De’şam futbolçy hökmünde Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1998-nji ýylda dünýä çempiony, 2000-nji ýylda Ýewropa çempiony bolupdy.

 

11-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

55 ýaşynda futbol oýnamagy dowam edýär

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy Saud Arabystanyda geçiriler

Teswirle