TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Microsoft” 68,7 milliard dollara kompaniýa satyn alýar

ABŞ-nyň “Microsoft” korporasiýasy dünýäniň öňdebaryjy oýun işläp düzüjisi “Activision Blizzard Inc.” şereketini satyn alýar. Geleşigiň bahasy 68,7 milliard dollara barabardyr. Bu barada “Microsoft” korporasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

– “Microsoft” korporasiýasy “Activision Blizzard” şereketiniň her bir aksiýasyny 95 dollardan satyn alýar. Geleşigiň umumy bahasy 68,7 milliard dollara deň bolar – diýlip, metbugat beýannamasynda bellenilýär. Geleşigiň 2023-nji ýylda doly tamamlanmagyna garaşylýar.

Şeýlelikde, “Microsoft” korporasiýasy “Tencent” we “Sony” kompaniýalaryndan soňra girdejisi boýunça dünýäde 3-nji iri kompaniýa bolar.

“Activision Blizzard” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bobbi Kotik öz wezipesini saklap galýar.

“Microsoft” korporasiýasy mobil enjamlar üçin oýun bazaryndaky ornuny has-da giňeltmek isleýär. “Activision Blizzard” kompaniýasynyň meşhur oýun işläp düzmekde baý tejribesiniň bardygy, olaryň işläp düzen “Candy Crush” oýny öz döwründe 2,5 milliard gezek ulanyjylar tarapyndan ýüklenip alyndy.

“Activision Blizzard” kompaniýasy – wideo oýun bazarynyň öňdebaryjysydyr. Ol “World of Warcraft”, “Call of Duty”, “Diablo”, “Guitar Hero” ýaly oýunlary bilen meşhurlyk gazandy.

 

Atçylyk pudagyna maliýe serişdeleri bölünip berler

 

Ýene-de okaň

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan-Gazagystan: söwda dolanyşygy yzygiderli artýar

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Teswirle