SPORT

Messisiz we Ronaldosyz Çempionlar ligasy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda dünýäniň iň güýçli futbolçylary şowsuzlyga uçrady. Ilkibaşda Kristiano Ronaldonyň “Ýuwentus” topary 1/4 final tapgyryna çykmagy başarmady. Soňra Lionel Messili “Barselona” topary ozalky üstünligini görkezip bilmedi. “PSŽ” topary bilen 1:1 deňme-deň oýnap, Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyryna çykyp bilmedi.

Şeýlelikde Messi hem-de Ronaldo 16 ýyldan soňra Ýewropanyň iň abraýly ýaryşy hasaplanýan Çempionlar ligasynda 1/4 final tapgyryna çykyp bilmediler.

Mundan ozal, şeýle ýagdaý 2004/05-nji ýylyň möwsüminde bolup geçipdi. Şol döwürde 1/8 finalda Messili “Barselona” “Çelsi” toparyna ýeňlipdi. Ronaldoly “Mançester Ýunaýted” topary bolsa “Milan” toparyndan asgyn gelipdi.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyryna Fransiýanyň “PSŽ” topary, Angliýanyň “Liwerpul” topary, Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary hem-de Portugaliýanyň “Porto” topary çykmagy başardy.

MBAPPE MESSINIŇ REKORDYNY ELINDEN ALDY

Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş edýän Kilian Mbappe Lionel Messiniň rekordyny täzeledi. Ol Çempionlar ligasynda 25 gol geçiren iň ýaş futbolçy boldy. Ol bu üstünlige 22 ýaş 80 günde ýetdi. Lionel Messiniň rekordy bolsa 22 ýaş 286 güne deňdi.

Şeýlelikde, futbol bilermenleri futbol taryhynda täze döwrüň başlaýandygyny belleýärler. Messi hem-de Ronaldonyň ornuny Kilian Mbappe bilen Erling Holand ýaly ýaş futbolçylaryň alyp biljekdigini belleýärler.

Çempionlar ligasy: Ronaldonyň şowsuzlygy, Holandyň üstünligi

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri