SPORT

Messiniň aýagy düşmedi

Argentinaly ýyldyz Lionel Messini düzümine goşup, dünýä ýaň salan Fransiýanyň “PSŽ” topary Fransiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňlip, ýaryşdan çykdy.

Fransiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda “PSŽ” topary bilen “Nissa” toparlary duşuşdy. Esasy wagty 0:0 tamamlanan duşuşygyň ýeňijisini 11 metrlik jerime urgulary arkaly belli boldy.

6:5 hasabynda ýeňiş gazanan “Nissa” topary indiki tapgyra çykdy. “PSŽ” topary bolsa, 8 ýyldan soňra ýene-de kubok ýaryşynda utulyp, ýaryşdan çykdy. Şeýle ýagdaý, 2014-nji ýylda bolupdy.

“PSŽ” toparynda iň bir şowsuz döwrüni başdan geçirýän Lionel Messi meýdança “10” belgili köýnekçe bilen çykdy. Ol toparyň soňky 9 oýnunyň 8-sinde gol geçirip bilmedi. Umuman, Messiniň aýagy düşmedi.

 

Eriksen ahyry meýdançalara dolanýar

Related posts

Ferran Torres “Barselona” geçýär

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: 1/8 finalyň bijeleri çekildi

Türkmen eminleri zenanlar futzal halkara ýaryşynda eminlik ederler