“Barselona” topary döwründe ýyldyzy parlan we häzirki wagtda “PSŽ” toparynda çykyş edýän Lionel Messiniň 1 golunyň gymmaty 10 million ýewro deň boldy. Ol Fransiýanyň çempionatynda 21 duşuşykda 3 gol geçirdi.
“Barselona” toparyndaky 21 ýyllyk karýerasyny tamamlan Messi “PSŽ” topary bilen ýyllyk 30 million ýewro möçberindäki aýlyk haky bilen şertnama baglanyşypdy. Şeýlelikde, Messiniň geçiren 1 goly 10 million ýewro deň boldy. Ol bary-ýögy 3 gol geçirdi.
34 ýaşyndaky Messi “PSŽ” topary bilen baglaşan 3 ýyllyk şertnamasynyň möhletini doly tamamlan halatynda 110 million ýewro gazanar.
Messiniň geljek möwsümde hem “PSŽ” toparynda galmagyna garaşylýar.
Fransiýa, Türkiýe, Germaniýa… çempionlar belli bolup barýar
