SPORT

Messi resmi taýdan “PSŽ” toparyna geçýär

Argentinanyň hüjümçisi, ozalky “Barselona” toparynyň futbolçysy Lionel Messi Fransiýanyň Pariž şäherine geldi. Ol Pariž şäheriniň “Pari-Sen-Žermen” (PSŽ) toparyna geçýär.

Fransuz topary ertir Lionel Messi üçin metbugat ýygnagyny gurnar. Pariž şäheriniň meşhur “Park de Prens” stadionynda geçiriler. Pariž topary wideo şekiller bilen Messi bilen şertnama gol çekişjekdigini mälim etdi. 34 ýaşy futbolçy täze topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşmak üçin ylalaşdy.

NEÝMAR: ÝENE-DE BILELIKDE

“PSŽ” toparynyň hüjümçisi braziliýaly Neýmar Lionel Messiniň öz toparynyň düzümine goşulýandygyny uly şatlyk bilen belläp geçdi. Futbolçy “Instagram” hasabynda “Ýene-de bilelikde” diýip, Messi bilen “Barselona” toparynda oýnan döwründen wideo şekiller goýdy.

Messi bilen Neýmar 2013-2017-nji ýyllar aralygynda “Barselona” toparynda bilelikde çykyş edipdi.

30 BELGILI KÖÝNEKÇE GEÝER

“PSŽ” topary Fransiýanyň “Ligie 1” milli çempionatynda Lionel Messini 30 belgili köýnekçe bilen çykyş etmek babatda ýüz tutdy. 30 belgi adatça diňe derwezebanlar üçin ätiýaçlandyrylyp goýulýar. Ýöne Fransiýanyň milli çempionatynyň ýolbaşçylygy toparyň haýyşyny kanagatlandyrdy.

Toparda 10 belgili köýnekçe bilen çykyş edýän Neýmar Messä bu belgini bermek isledi. Ýöne Messi bu teklibi kabul etmedi.

Mälim bolşy ýaly, Messi 30 belgili köýnekçe bilen “Barselona” toparynda futbol ýoluna başlapdy we soňra ol 10 belgili köýnekçe bilen ýatda galypdy.

 

Messi “PSŽ” topary bilen ylalaÅŸdy

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy