MEDENIÝET

Meşhur aktýor karýerasyny tamamlady

Meşhur amerikaly aktýor Brýus Uillis saglyk ýagdaýlary sebäpli kino karýerasyny tamamlamak kararyna geldi.

Ol afaziýa keseli bilen ejir çekýär. Bu kesel adamyň kelle beýnisine öz täsirini ýetirip, wagty geçmegi bilen dilden galmagyna hem ýetirip biler.

Aktýor bu barada jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi. 67 ýaşyndaky Brvus Uillis “Die Hard” atly filmi bilen meşhurlyk gazandy.

Brýus Uillis köp sanly baýragyň eýesidir. Ol “Altyn globus” hem-de “Emmi” baýraklaryny gazandy. Şeýle hem onuň 2022-nji ýyl üçin hem çykmagy göz öňünde tutulan filmleri bar.

 

 

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi açyldy

Related posts

Aşgabat barada aýdym döretmek bäsleşigi

2022-nji ýylda “Oskar” baýraklarynyň gysga sanawy yglan edildi

Asyl “Möý adam” komiksiniň ýekeje sahypasy rekord bahada satyldy