TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri üçin agşamlyk duşuşyk

Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Subramanyam Jaýşankar «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Nýu-Deli şäherine gelen ýolbaşçy wekiliýet üçin agşamlyk naharyny berdi.

Bu barada Hindistanyň metbugaty habar berýär.

– Dialogymyzyň duşuşygynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri üçin agşamlyk kabul edişlik gurnadyk. Medeni çäreler ýakynlygymyzy ýene bir gezek görkezdi” -diýip, Hindistanyň daşary işler ministri özüniň jemgyýetçilik torunda mälim etdi.

Eeri gelende aýtsak, şu gün Nýu-Delide Hindistan-Merkezi Aziýa dialogynyň üçünji duşuşygy geçirer. Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatyna görä, ýokary derejeli daşary ýurtly abraýly wekiliýet bilen geçiriljek duşuşyk Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky medeni we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirer. Ministrligiň beýanatynda, hususan-da duşuşykda esasanam awtomobil we demirýollarynyň ösdürilmegine degişli meselelere has uly ähmiýet berler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowyň gatnaşmagynda geçiljek duşuşykda Owganystandaky ýagdaýlara hem syn berler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen hem duşuşarlar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentlerini 2022-nji ýylyň ýanwarynda Hindistanyň Respublika gününiň dabaralaryna çagyrdy. Şeýle hem bu çäreleriň çäklerinde Hindistan-Merkezi Aziýa ýokary derejedäki sammiti hem geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle