BIZNES

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

Şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guraldy.

Merkezi Aziýa ýurtlary sebitdäki döwletler bilen beýleki ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin sebitdäki ýurtlarda ulag we logistika hyzmatlaryny, ammarlary we önümçilik desgalaryny ösdürmek üçin zerur şertleri döretmegi maksat edinýär.

Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohimiň başlyklyk etmegine geçirilen duşuşyga Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew, Özbegistanyň ulag ministri Ilham Mahkamow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri Merkezi Aziýada guryýer ulag pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we giňeltmek baradaky tekliplerini beýan etdiler.

Duşuşykdan soň ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki beýannama gol çekildi.

“Taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda intermodal we multimodal serhetaşa we üstaşyr transport hyzmatlaryny goldamak we ösdürmek, şeýle hem sebit ýurtlary üçin üpjünçilik zynjyrynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek we giňeltmek üçin häzirki we ýüze çykýan meseleleri çözmegiň möhümdigini bellediler” -diýlip, bilelikdäki beýannamada bellenilip geçilýär.

Beýannam görä, sebit ýurtlary Merkezi Aziýa ýurtlary we beýleki döwletleriň arasyndaky bitewi ulag ýollaryny we baglanyşyklaryny ösdürmek we gowulandyrmak maksady bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn platformalary ulanmak arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirer.

Şeýle hem ministrler 14-15-nji sentýabr aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde gol çekiljek “Merkezi Aziýada guryýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek hakynda” şertnamanyň taslamasyny tassykladylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Myhmanlar Duşanbe şäherindäki “Akiýa Awesto” awtoulag kärhanasynyň işi hem-de Duşanbe-Bohtar awtomobil ýolunyň gurluşygy bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy