DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Russiýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy

16-njy iýulda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa-Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Çagyryşlar we mümkinçilikler” atly halkara maslahat geçiriler. Şol maslahatyň çäklerinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” daşary işler ministrleriň nobatdaky duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu 4-nji duşuşyga Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen bir hatarda sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alşylar.

Taraplar koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän döwründe özara kömek bermek hem-de hyzmatdaşlyk etmek babatdaky ugurlarda hem pikir alyşmalaryny geçirerler.

 

Göwher daşy 40 million dollara satyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy