DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji Konsultatiw duşuşygy Täjigistanda geçiriler

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Şol duşuşygyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň kabul eden çözgüdi esasynda Täjigistanyň Prezidentiniň 5-nji Konsultatiw duşuşygy Duşanbe şäherinde geçirmek baradaky teklibi oňlandy.

Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edýän Täjigistanyň ygtyýarlyklary ýene-de bir ýyl uzadyldy.

Şoňa laýyklykda, 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 5-nji ýubileý Konsultatiw duşuşygyny hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisini bilelikde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, 2019-nji ýylda Täjigistan 3 ýyl möhlet bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň başlyklygyny kabul edipdi.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygy soňky gezek Türkmenistanda geçirilipdi.

2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň başlyklygyny alyp barypdy.

Araly halas etmegiň halkara gaznasy 1993-nji ýylda döredilip, onuň maksady Aral deňiziniň basseýnindäki durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmakdan ybaratdyr.

 

 

Azerbaýjan Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmaga isleg bildirýär

Related posts

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi