DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkar Mirziýoýewiň başlangyjy bilen geçirilen bu maslahatyň işine Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han, Merkezi Aziýanyň we Günorta Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, 44 döwletden hem-de 30-a golaý halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatda çykyş eden Özbegistanyň Prezidenti Şawkar Mirziýoýew Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýany taryhy ýakynlygyň birleşdirýändigini belläp, häzirki wagtda özara ynanyşmak we bähbitler göz öňünde tutulyp, hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi.

Maslahatda edilen çykyşlarda Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berildi. Hususan-da, söwda, ýükleriň üstaşyr geçirilmegi babatda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň möhümdigi aýdyldy.

Şeýle hem daşky-gurşary giramak hem-de “ýaşyl” ykdysadyýet ugrundaky meseleler hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Merkezi we Günorta Aziýanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň çäginde sebitde syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin syýahatçylyk operatorlarynyň ýeke-täk platformasynyň döredilmegi barada pikirler beýan edildi.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesini diňlediler.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han hem-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Josep Borrell sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýete barada durup geçdiler.

Maslahatyň jemleri boýunça işlenip düzüljek ýörite beýannama BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlener.

 

Türkiýe Respublikasynyň milli jebislik güni

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy arkaly 2 müňden gowrak myhman Awazadaky foruma geler

Türkmenistan BMG-niň Awaza forumyna gatnaşyjylary garşylaýar

Türkmenistan Owganystanyň Turgundy portuny döwrebaplaşdyrmak üçin şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Laos Wladimir Putine pil sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi