DÜNÝÄ

Meredow we Çawuşogly : telefon arkaly gynanç bildirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Meredow, Türk kärdeşine ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýer titremesi zerarly ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi

Daşary işleri Meredow, şeýle hem gurban bolanlaryň ýakynlaryna çuňňur gynanjyny bildirdi we ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler

Russiýanyň Dumasynyň Başlygy Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Günorta Koreýada saparda bolar

Leave a Comment