TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Melebaş – ýylyň iň owadan ahalteke bedewi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda guralan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi we ýeňijä mynasyp bolan baýragy gowşuryldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerimli maksatnamasynda mynasyp orun alan bäsleşikde deslapky tapgyrlarda ahalteke tohum atlarynyň arasyndan iň oňat wekilleriniň saýlanyp alnan 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylyp, olaryň her biri eminleriň öňünden iki gezek geçirildi. Bedewler birinji gezekde bezegsiz, ikinji gezekde bolsa bezelen şaý-sepli görnüşinde emin agzalarynyň öňünden geçdiler.

Ýeri gelende bellesek, jemleýji tapgyra çykan atlar meşhur ata-babalaryndan gaýdýan ol ýa-da beýleki nesil ugruny dowam edýär. Şunda köp sanly janköýerler arassa ganly atlary seçgiçilik taýdan ýetişdirmekde esasy şahalaryň düýbüni tutan ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşlaryna baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Bäsleşigiň netijelerine görä, “2022-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, 2015-nji ýylda doglan Melebaş atly bedew yglan edildi. Ol meşhur Gyrsakaryň ugruna degişlidir. «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine döwlet Baştutanymyzyň baş baýragy bolan «Lexus» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle