TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Mekdep mugallymlary : Amerikada gysga wagtlyk okuw mümkinçiligi

Tejribeli  mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmäge müminçilik berýän SUSI maksatnamasy resminamalary kabul edýär. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.

Kimler gatnaşyp bilýär?

Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy alymlyk derejesini bermeýän çalt depginli maksatnamadyr. Bu maksatnama orta bilim gatlagynda işleýän tejribeli mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödür edýär. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar.

Gatnaşmaga isleg bildirýänler şu maglumaty göz öňünde tutmalydyrlar: mugallymlar üçin bölümiň maksady maglumat we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup, okatmagyň metodikalaryny ýa-da okadyş prosesine degişli bolan sapaklary öz içine almaýar.

ABŞ-a näçe wagtlyk gidilýär?

Bu bäş hepdelik mugallymlar we dolandyryjylar üçin maksatnama 2023-nji ýylyň iýun aýynda (ýa-da has soňraky) başlar we häzirki ýüze çykan saglyk, howpsyzlyk hemde syýahat kynçylyklary bolmadyk ýagdaýynda ABŞ-da geçer. Okuwyň anyk seneleri biraz soňra belli ediler.

«Dolandyryjylar» topary mugallymlary taýýarlajylary, okuw meýilnamalaryny we okuw kitaplaryny işläp düzmäge gatnaşyjylary, we Bilim ministrliginiň wekillerini öz içine alýar.

Dalaşgärlere haýsy talaplar bildirilýär?

Dalaşgärler orta bilim ulgamynda ýa-da dil öwrediş merkezlerinde işleýän orta derejedäki, höwesjeň we iş tejribeli hünärmenler bolmaly.

Dalaşgärler öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw ýa-da iş esasynda bolmadyk ýa az möhletleýin bolan bolmaly.

Işleýän okuw jaýlarynda ýa-da edaralarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwrenşiň dürli taraplaryny okuw maksatnamasyna girizmegi meýilleşdirýän, Amerikada okan ýokary okuw jaýynyň ugry boýunça öz ýurdyndaky ýokary okuw jaýynda täze kurslary açmagy niýet edinýänler, ABŞ barada ozal bar bolan sapaklaryň üstüni ýetirmegi meýilleşdirýänler we Amerikany öwreniş ugurlary boýunça ýörite seminarlary guramakçy bolýanlara aýratyn üns berler.

Haýsy ýaşdaky mugallymlar gatnaşyp bilýär?

Dalaşgärler 30-50 ýaş aralykdaky orta derejeli hünärmen bolmaly.

Her bir dalaşgär bu maksatnama gatnaşmaga bolan sebäbini we bu maksatnamadan garaşýan netijelerini 1 sahypada gysgaça beýan etmeli.

Iňlis dili hökmanmy?

Ähli dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmeli – iňlis dilinde okamak bilen bagly bolan köp ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyply bolmaly, hem-de hemme seminarlara we maslahatlara doly we işjeň gatnaşmaly.

Ozalky ylmy işleri, iş üstünlikleri we wezipe borçlary boýunça maksatnama bilen has gyzyklanýan dalaşgärlere aýratyn üns berler.

Maksatnama haýsy çykdajylary garşylaýar?

Baryp-gelmek ýol çykdajylary, ýaşaýyş üçin boljak çykdajylary, okuw kitaplary bilen bagly çykdajylary, goşmaça çykdajylar we saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen baglanşykly ähli çykdajylar maksatnama tarapyndan tölenilýär.

Anketalar şu ýerden MS Word formatynda doldyrmak we printerden çykarmak üçin (DOC 42 KB) we Adobe PDF formatda (PDF 55 KB). Anketalary elektron poçta arkaly ugradyp ýa-da özüňiz getirip, tabşyryp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlar üçin şu elektron salgysyna hat ýazyň: AshgabatEducation@state.gov.

Resminamalar haçana çenli kabul edilýär?

Anketalar 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

ANKETANY YÜKLÄP ALMAK ÜÇIN

SUSI_application

Ýene-de okaň

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Teswirle