TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Medeni gatnaşyklar halklary birleşdirýär

Dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak, şeýle hem halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek ugrunda ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Şu maksat bilen Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Döredijilik festiwallary we medeni çäreler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň özboluşly köprülerine öwrüldi. Şolaryň hatarynda soňky ýyllaryň dowamynda paýtagtymyzda üç gezek guralan halkara teatr festiwaly, dünýäniň dürli döwletleriniň Medeniýet günleri bar. Olar medeniýetleriň we halklaryň özara gatnaşygy üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Aşgabatda geçirilýän “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasy ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklar üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Saýra, dutar!» atly, türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara türkmen dutaryna, halkymyzyň milli aýdym-saz sungatyna goýulýan hormat-sarpanyň belentdiginiň, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň barha ösdürilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Bu halkara medeni çäre türki dilli halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda, özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň milli medeniýetini, sungatyny özara baglanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bular barada dost-doganlyk ruhunda geçirilen bu halkara medeni çärä gatnaşan Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Moldowanyň Gagauz ülkesiniň, Russiýa Federasiýasynyň, Tatarystanyň aýdymçylary gutlag sözleri bilen çykyş edenlerinde hem aýratyn nygtadylar.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň yglan edilendigini we ony şu ýylyň sentýabr aýynda jemlemegiň bellenilendigini-de nygtamak gerek. Hut şeýle bäsleşigiň yglan edilmegi hem ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatymyza belent sarpa goýulýandygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Jemal Manaýewa, TOHU-nyñ mugallymy.

 

Pagtaçylyk möhüm pudak

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle