SPORT

Maýk Taýson Jeýk Poldan ýeňildi

Amerikaly wideo bloger Jeýk Pol bilen dünýäniň ozalky absolýut çempiony Maýk Taýsonyň arasynda boks tutluşygy boldy. Bu tutluşykda emin agzalarynyň çykaran netijesi boýunça, Jeýk Pol ýeňiş gazandy.

Bu resmi tutluşyk her döwi 2 minutdan 8 döwden ybarat boldy. “Demir ýumruk” lakamly bilen tanalýan Maýk Taýson 2005-nji ýylda boks karýerasyny tamamlandan soňra ilkinji resmi tutuluşygyny geçirdi.

Bu tutluşykda emin agzalarynyň çykran netijesi boýunça 80-72, 79-73, 79-73 Jeýk Pol ýeňiş gazandy.

Jeýk Pol mundan ozal 12 tutluşyk geçirip, 11 gezke ýeňip, 1 gezek ýeňlipdi.

58 ýaşyndaky Taýsonyň hem-de 27 ýaşyndaky Poluň bu boks ýaryşy köpleriň ünsüni çekdi.

Maýk Taýson 7-nji gezek ýeňildi. Ol umuman, 50 ýeňiş gazanyp, şolaryň 44-sinde garşydaşyny nokaut bilen ýeňlişe sezewar edipdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan topary Gurban Berdiýew bilen şertnamany uzaltmak isleýär

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

“El-Klasiko”: “Real” topary “Barselonadan” üstün çykdy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri AFC-nyň 2025-nji ýyldaky Kongresine gatnaşdylar

Lionel Messi Amerikada “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy