TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

«Matrisanyň» dördünji bölüminden käbir bölekler görkezildi

«The Matrix Resurrections». Türkmen diline terjime edeniňde «Matrisa: Direliş» ýa-da «Matrisanyň direlmegi» diýen manyny berýän bu jümle. «Warner Bros» kompaniýasy tarapyndan surata düşürilýän «Matrisa» tapgyrynyň täze bölüminiň ady bolar.

Ýakynda kompaniýa bu at bilen resmi ýagdaýda tanyşdyrdy we filmden käbir bölekleri görkezdi. Täze bölüm barada «CinemaCon» festiwalynda maglumat berildi.

«The Hollywood Reporter» neşiriniň işgäri Aaron Kouçyň «Twitterde» paýlaşan pikirlerine görä, dördünji bölümde Kianu Riwziň ýerine ýetirmeginde Tomas Anderson öňki bölümlerde bolup geçen zatlary ýadyndan çykarýar we psihoterapewtiň ýanyna gatnap başlaýar. Bir gün Neo kafede Trinitini tötänleýin görýär. Bu gahrymanyň keşbini Kerri-Enn Moss ýerine ýetirýär. Ýöne gahrymanlar biri-birini tanamaýarlar.

Filmiň premýerasynyň 2021-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bolmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle