“Curiosity” kosmos ulagy Mars planetasynda uglerody öz içine alýan adaty bolmadyk himiki garyndyny tapdy. Uglerod durmuşyň “belliklerinden” biri hasaplanylýandygy sebäpli bu açyş alymlaryň ünsüni özüne çekdi.

2012-nji ýylyň awgustyndan 2021-nji ýylyň iýulyna çenli geçen 9 ýylda Geýl kraterinde ýygnanan çökündi nusgalarynda uglerodyň yzlary tapyldy. Kosmos ulagy 24 nusga ýygnady we soňra şol nusgalary gyzdyryp, olaryň himiki aýratynlyklaryny öwrenmek göz öňünde tutuldy.

Derňewiň netijesi uglerod 12 we uglerod 13 izotoplarynyň gatnaşygynda ep-esli tapawudyň bardygyny görkezdi. Bular uglerodyň aýlanyşynyň wagtyň geçmegi bilen üýtgänligini görkezip biljek iki sany durnukly izotopdyr.

Mundan başga-da, Marsdaky kömürturşy gazy ultramelewşe şöhläniň täsiri bilen organiki birleşmelere öwrülip biler. Bu planetada uglerodyň käbir organizmleriň möhüm işjeňliginiň netijesinde ýüze çykmagynyň hem ähtimallygyny görkezýär.

 

 

Lebedewe Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy