JEMGYÝET

Marsda şäher gurlar

Gyzyl planeta yzygiderli gatnawlaryň netijesi has uly taslama öwrülip biler. Adamzat ýene 30 ýyl çemesi wagtdan soňra Marsda şäher gurup başlamagy meýilleşdirýär.

Ýazylýan habarlara görä, Marsda guruljak şäher Nýuwa diýlip atlandyrylar. Ony 2054-nji ýyldan 2100-nji ýyla çenli aralykda gurmak meýilleşdirilýär.

Adamzadyň Marsdaky megaşäheri lift arkaly birleşýän makrobinalardan ybarat bolar. Bu şäheriň taslamasy ilkinji gezek köpçülige görkezildi. Bu taslama şu habar bilen ugurdaş synlaýan suratyňyzdaky ýalydyr.

Şondan soň Ýer ― Mars gatnaşyklary has ýygjamlaşar. Deslapky maglumatlara görä, gyzyl planetadaky şäherde 26 aýyň dowamynda ýaşamagyň bahasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 300 müň dollary möçberinde bolar.

 

Mars planetasynda dikuçar uçurylar

 

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmen gelin-gyzlaryň saýty hereket edip başlady:Turkmengazet.com

Ata Watan Eserleri