MEDENIÝET

Mark Ronson we Greýs Gammer durmuş gurýarlar

Mark Ronson öz “Instagram” sahypasynda aktrisa Greýs Gammer bilen durmuş gurandygyny mälim etdi. Ronson: “Hakyky söýgüme … ömrümiň baharynda, 45 ýaşymda ýüregime eliňi goýduň. Seniň söýgüňe mynasyp adam bolmak üçin 45 ýyl gerek bolandygyna ynanýaryn. Bu doglan günlerimiň hemmesini, soňky günüme çenli seniň ýanyňda geçirerin diýip umyt edýärin. Men hemişe seniň ýanyňda (we hawa, durmuş gurduk) “-diýip, birnäçe ýürek şekilleri bilen “Instagram” sahypasynda paýlaşdy.

Jübütleriň durmuş toýyny meşhur sungat işgärleri hem gutlap, birnäçe gutlag teswirlerini ýazdylar. Olaryň arasynda Lady Gaga, Liw Tyler, Zak Posen ýaly meşhur ýyldyzlar hem bardy. Ronson we Gammer geçen ýylyň maý aýynda adaglanypdylar.

Greýs Gammer dünýä belli aktrissa Meril Stripiň ortanjy gyzydyr.

 

Türkmenistan-Özbegistan: täze ylalaşyklar gazanylar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti ýaş aýdymçylaryň 10-syny ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglady

“Magtymguly Pyragy” atly çeper filmi Özbegistanda “Iň gowy film” saýlandy