SPORT

Maradonanyň köýnekçesi satyldy

Argentinanyň ady rowaýata öwrülen futbolçysy Diego Maradonanyň 1986-njy ýylda dünýä çempionatynda Angliýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda geýen futbol köýnekçesi söwda satuwynda 9 million 284 müň 536 dollara satyldy.

Angliýanyň paýtagty London şäherinde “Sotheby’s” söwda satuw öýünde geçirilen satuwda Maradonanyň “Taňrynyň eli” ady berlen goluny geçiren köýnekçesi rekord bahadan satyldy.

Bu barada berlen maglumata görä, Maradonanyň köýnekçesi onlaýn tertibinde satuwa çykaryldy. Satuwyň bahasy 9 million 284 müň 536 dollara deň boldy.

Häzirki wagtda Maradonanyň köýnekçesi iň gymmat bahadan satylan sport lybasy boldy. Mundan ozal, Amerikanyň beýsbol ligasynyň meşhur türgenlerinden Babe Ruthyň köýnekçesi 2019-njy ýylda 5 million 640 müň dollara satylypdy.

 

5-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Germaniýa 32 ýyldan soňra basketbol boýunça Ýewropa çempiony boldy

17-nji sentýabrda “Arkadag” – “Andijon” bilen duşuşar

“Ahal” futbol kluby Hindistana bardy

«Arkadag» topary 100-nji ýeňşini gazandy

CAFA-2025: Özbegistan sebitleýin ýaryşyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Sport habarlary: Italiýaly zenanlar dünýä çempiony, Infantino Daşkentde