TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Maradonanyň doglan öýi ýadygärlige öwrüler

Meşhur argentinaly futbolçy Diego Armando Maradonanyň dünýä inen öýi, ýurduň Prezidenti Alberto Fernandesiň çykaran karary bilen “Milli taryhy ýadygärlik” diýlip yglan edildi.

Maradonanyň doglan öýi Buenos-Aýresden takmynan 12 km uzaklykda ýerleşýän Willa Fiorito mähellesinde ýerleşýär.

Dünýä belli futbolçy, köp sanly futbol muşdaklarynyň ýüreginde orun alan türgen Diego Armando Maradona geçen ýylyň 25-nji noýabrynda ýürek keselinden aradan çykypdy.

“TAŇRYNYŇ ELI” LAKAMLY MARADONANYŇ DURMUŞY BARADA GYSGAÇA

Diego Armando Maradona 1960-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda dünýä inipdi. Maradona «Boka Huniors» (1981 – 1982, 1995 – 1997), «Barselona» (1982 – 1984)  we «Napoli» (1984 – 1991) toparlaryndaky üstünlikli çykyşlary bilen tanalýar. Ol 2008-2010-njy ýyllarda Argentinanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi hem boldy.

Maradona Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1986-njy ýylda dünýä çempiony bolupdy. Şol dünýä çempionatynda Angliýa futbol milli ýygyndysyna eli bilen geçiren goly, “Taňrynyň eli” hökmünde futbol taryhynda öz mynasyp ornuny aldy.

 

Dünýäniň iň baý adamy öz uniwersitetini gurar

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle