Mäne baba — rowaýata öwrülen şahsyýet

Sarahsdan demirgazyk-günbatara gidilende, sebitde o diýen uly bolmasa-da, adybir akyldar şahsyýetiň abraýy hem-de şöhraty bilen beýgelen, XI asyryň belli şäheri Mänä gelýärsiň. Bu şäherde ýaşan akyldar Abu Seýit Abul Haýyr (967 — 1049) — sufizmiň köp asyrlardan soň hem uly hormat bilen ady tutulýan görnükli wekilleriniň biridir. Halkymyzda bu şahsyýet «Mäne baba» ady bilen meşhurdyr. Onuň ýaşan döwründe Mäne şäheri ýeterlik derejede bol oba hojalyk önümleriniň mesgeni bolup, onuň bazarlary, kerwensaraýlary hemişe adamly ekeni. Şäheriň dört burçunda diňleri bolan gönüburçly içki galasy bolupdyr. Häzirki wagtda ol depe bolup dur, il arasynda oňa Göbeklidepe diýilýär. Onuň çäginiň daşynda Mäne babanyň sopulary üçin hanakasy ýerleşipdir. Bular barada S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Hydyr Geldiýewiň “Türkmen dünýäsi” gazetinde çap edilen makalasynda maglumat berýär.

Mäne baba köp gezip, dürli şäherlerde bolup, şol döwrüň görnükli alymlary, filosoflary bilen duşuşypdyr, pikir alşypdyr. Halk hakydasy iki sany ussadyň — Mäne baba bilen Ibn Sinanyň arasyndaky söhbet hakyndaky rowaýaty şu günlere ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem getirýän şol rowaýatyna görä, Mäne baba Ibn Sina bilen gepleşip otyrka, käsäni ýokary zyňýar, käse bolsa howada aslyşyp durýar. Ol myhmanyna: «Siz, alymlar, fizikanyň kanunyna salgylanyp: «Tutuş tebigaty boýunça ähli jisimler merkeze ymtylýarlar» diýýärsiňiz. Näme üçin käse özüniň agramynyň bardygyna garamazdan, howada asylyp dur, aşak gaçmaýar?» diýýär. Ibn Sina şonda oňa şeýle jogap beripdir: «Siziň ýatlap geçen fiziki kanunyňyz merkeze ymtylmagyna hiç bir zat päsgel bermeýän jisimlere degişli. Käse bolsa siziň erkiňiz bilen ýokarda asylyp dur, şonuň üçinem aşak gaçyp hem bilmez».

Bularyň söhbedi birnäçe sagatlap dowam edipdir, soňra talyplar olara özlerinde nähili täsir galandygy hakynda sowal berýärler. Ibn Sina: «Meniň bilýän zatlarymy ol görýär» diýse, Mäne baba: «Ibn Sina meniň görýän ähli zadymy bilýär…» diýip, jogap beripdir.

Okap bilersiňiz  Modern Sahnanyň Arhaik Öwüşgüni: Rejissýor Öwlýaguly Hojaguly

Şol zamanlarda tutuş Horasan ýaly Mäne hem Gaznalylar döwletiniň düzüminde ekeni. Şoňa görä-de Abu Seýit Zakawkazýäniň, Kiçi Aziýanyň, şeýle hem Ýakyn hem-de Merkezi Gündogaryň taryhyna düýpli täsir eden wakalaryň şaýady bolupdyr.

…Ilatyň närazylygy barha güýçlenýärdi. Horasanyň ilaty Gaznaly döwletiniň salgydyndan ejir çekýärdi. Oguz-türkmen kowumlary soltanyň hazynasyna salgyt tölemekden ilkinji bolup boýun gaçyrdylar. Şeýlelikde, olaryň gaznalylar bilen arasynda gapma-garşylyk başlanýar. Seljuk kowmundan bolan aga-ini Togrul beg bilen Çagry begiň baştutanlygyndaky oguz-türkmen goşuny 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşine gatnaşyp, Gazna soltany Masudyň esasy güýçlerini ýeňip, Horasany doly ellerine geçirýärler. Täze häkimiýete ak pata almak üçin doganlar Mäne şäheriniň eteginde ýaşaýan dana goja Mäne babanyň ýanyna barýarlar. Şondan soň hem aga-ini bolup, Orta Gündogar boýunça özleriniň ýeňişli ýörişlerine başlaýarlar. Beýik Seljuk Türkmen döwleti döredilýär. Bu hökümdarlar neberesiniň soltanlary akyldar Mäne babany hemişe ýatlapdyrlar, oňa hormat goýupdyrlar. Ol aradan çykandan soň, guburynyň üstünde türkmen binagärçiliginiň iň görnükli nusgasy bolan aramgäh galdyrýarlar.

Beýik şahsyýet Mäne baba hakynda şeýle rowaýat hem bar: «Mäne babanyň müritleriniň (talyplarynyň) biri: «Eý keramatly halypam, meni ene-atam dünýä getirdi, iýdirip-içirdiler, ulaldyp kemala getirdiler, özbaşyma jaý salyp berdiler, häzir bolsa meni öýerip, rysgalymy aýyrjak bolýarlar. Olaryň eden ýagşylyklarynyň hiç bolmanda birini gaýtaryp beresim gelýär, men öz mähribanlaryma nähili ýagşylyk edip bilerin?» diýip ýüzlenipdir. Şonda beýik pir: «Bagtly bol, her et, hesip et, bagtyýar boljak bol, perzendiň bagtly bolmagy ene-ata üçin iň uly ýagşylykdyr, olara şondan gaýry ýagşylyk edip bolmaz, ýene-de bir zady ýadyňdan çykarma, diňe bagtly adamlardan bagtyýar çaga dogulýandyr» diýip, jogap beripdir».

Beýik piriň haýyr işlere beslenen ömür ýoly we çuň manyly döredijiligi her bir ynsanda, nesillerde ýokary adamkärçilik häsiýetlerini, ahlak kadalaryny kemala getirmekde, olary ertirki durmuşa taýýar adamlar edip ýetişdirmekde bahasyz terbiýeçilik gymmatlyga eýedir.

 

Aşgabat şäherindäki Mekdep-internaty  okuwa çagyrýar