TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
turkmenmaglumat.comÝazyjylar,Şahyrlar

Mämmetweli Kemine

Doglan ýeri: Sarahs

Doglan senesi: 1770-nji ýyl

Aradan çykan senesi:1840-nji ýyl

Bilimi: Buhara medresesi, Hywa

Gysgaça maglumat:Keminäniň ömür ýoly. Mämmetweli şahyryň çyn ady bolup, Kemine edebi tahallusy (lakamy). Kemine diýmek “ejiz, biçäre, san ýetmedik, pukara, kemsidilen, pespäl” diýlen manylary aňladýar. Kemine Sarahs töwereginde Garadöwletiň maşgalasynda  eneden bolupdyr. Ol kämillik ýyllaryny Sarahs, Mary töwereklerinde geçiripdir diýilýän çaklama hem bar. Kemine Sarahsda oba mekdebinde başlangyç bilimi alýar.Soňra Buhara medreseleriniň birinde okaýar, ondan soňra bilimini kämilleşdirmek maksady bilen Hywa gidýär we ol ýerde meşhur Äraly pirden sapak alypdyr.Kemine ýaşklygyndan wäşi, gepe çeper ekeni.1940-nji ýylda Keminäniň aradan çykanlygynyň 100 ýyllygy giňden bellenildi. 1971-nji ýylda bolsa beýik şahyryň doglan gününiň 200 ýyllyk ýubileýi beýleki döwletlerden myhmanlar çagyrylup, halkara möçberinde bellenilip geçildi

Şahsy durmuşy:Kemine obadaşy Gurbanbagt diýen gyz bilen maşgalaa durmuşyny gurupdyr. Olaryň Allaýar hem Hudaýýar atly iki ogly bolýar. Kemine bilen Gurbanbagt 29 ýyl ýaşaşandan soň, çagalaryň ejesi aradan çykýar.

Döredijiligi:Türkmen halkynyň arasynda sarpasy belent tutulyp, ady dillerden düşmän gelýän iň meşhur nusgawy şahyrlaryň biri Keminedir. Şahyryň döredijilik dünýäsinde az sanly barlylar bilen köp sanly ýoksullaryň gün-güzerany, duýgy-düşünjesi, ruhy ahwalaty jemlenipdir.Şahryň şygyrlary äheňliligi, aýdyňlygy, milli öwüşginlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Keminäniň satirasy özüniň adalatlylygy, okgunlylygy, paş edijiligi, öwrümlere baýlygy bilen halkyň söýgüsini gazanyp geldi. Şahyr halkyň hakydasynda we ýüreginde ýaşaýar.söz ussadynyň çuňňur many-mazmunly, köp meseleleri gozgaýan döredijiligti bar. Döwrüniň wajyp meseleleri şahyryň hemişe üns merkezinde bolup, olara ynsanperwer kalby, Allatagalanyň bagyş eden dogabitdi pähim-paýhasy bilen baha beripdir.Hususan-da, durmuşy ýagdaýlardan ýazan goşgulary, döwrüniň synpy gatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky şygyrlary Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir.

Çeşme:Edebiýat.Umumy orta bilim berýän mekdepleriň IX synpy üçin okuw kitaby.            -A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.

Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa

Taýýarlanan senesi:15.04.2022 ýyl

Döwletmämmet Azady

 

 

 

Ýene-de okaň

Mämmet Seýidow

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

Ata Watan Eserleri

Teswirle