JEMGYÝET

Makul Hyzmat Terjime: Türk wiza merkeziniň ýanynda täze ofisini açdy

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi müşderilerine has amatly şertlerde hyzmat bermek maksady bilen täze salgyda öz ofisini açdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan raýatlary mundan beýläk Türkiýä syýahat etmek isleseler wiza almak hökmany bolup durýar.  Türkiýä gitmek üçin Wiza  boýunça  Aşgabat şäherinde ýörite Türkiýäniň Wiza Merkezi  döredildi. Ol G.Kuliýew köçesiniň 88-nji jaýynda (Binanyň ady : Nowruz haly ) ýerleşýär.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi bolsa, G.Kuliýew köçesiniň 87-nji jaýynda (binanyň ady : Nurana)  öz täze ofisini açdy.  Syýahatçylyk, saglyk, talyp ýaly Wizalar üçin resminamalaryň terjimesi we beýleki  resminamalaryň Türkmen, Türk, Rus we Iňlis dillerinde terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň täze salgydaky ofisine hem ýüz tutup bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin : +993 63 78 96 73 & +993 12 96 48 55  E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Bellemeli zat, “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň merkezi ofisi bolan Ankara köçesiniň 25-nji jaýyndaky (Aýtakow-Ýubileýni çatrygy Rysgal bank ýany A Blok 4-gat) ofisi hem hereket edýär.

Mundan beýlak müşderiler özlerine iň ýakyn we amatly ofisi saýlap, şol salgyda terjime hyzmatlaryny alyp bilerler.

Related posts

 “CIET 2025”: Arkadag şäheri halkara derejesinde ýokary baha aldy

Türkmen sporcular Altın madalyada ikiye katladı

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti: Täze ýyl baýramçylygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir

Leave a Comment