TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Maks Ferstappen – “Formula 1”-iň täze çempiony

Ýer şarynyň iň köp tomaşaçyly awtosport ýaryşlarynyň biri bolan “Formula 1” ýaryşynyň 2021-nji ýylda möwsümi tamamlandy. Bu möwsümde “Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Ferstappen çempion bolmagy başardy. Ol “Mersedes” toparynyň 7 gezek çempiony Luis Hemiltonyň 8-nji gezek çempion bolmagynyň öňüni aldy.

Şeýlelikde, “Formula 1” ýaryşynyň 2021-nji ýylda möwsümini Maks Ferstappen gazandy. 24 ýaşly niderlandly Abu-Dabide geçirilen 22-nji “Gran-pri” ýaryşynda birinji bolup, çempion bolmagy başardy. “Mersedes” toparynyň 7 gezek çempiony Luis Hemilton bolsa bu ýaryşda ikinji orny eýeledi.

Maks Ferstappen ilkinji gezek “Formula 1” ýaryşynda çempion bolmagy başardy. 24 ýaşly ýaş sürüji “Mersedes” toparynyň soňky ýyllarda “Formula 1” ýaryşlaryndaky agalygynyň öňüne geçdi.

Şeýle hem “Red Bull” toparyna 2013-nji ýyldan soňra täze çempion bolmagyna mümkinçilik döretdi.

“Mersedes” toparynyň 7 gezek çempiony Luis Hemilton bu gezek çempion bolan halatynda “Formula 1” ýaryşynyň ady rowaýata öwrülen sürüjisi Mihael Şumaherden ozdurardy. Olaryň ikisiniňem çempionlygy 7-ä deňdir.

 

Milli Liderimiz “Ýaşasyn parahat durmuş” atly goşgusyny ýazdy

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle