TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Makron: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge taýýardyrys

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi. Onda fransuz döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge, şeýle hem daşky gurşawyň, saglygy goraýşyň, howpsuzlygyň ählumumy meselelerini bilelikde çözmek üçin ony täze ulgamlarda giňeltmäge taýýardygyny belledi. 

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Size Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin hem-de fransuz halkynyň dosty bolan türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

1992-nji ýylyň 6-njy martynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri, Fransiýa we Türkmenistan özara gatnaşyklaryny has-da berkitdiler. Syýasy ulgamda Fransiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yglan eden Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Türkmenistanda fransuz institutynyň hem-de Fransuz-türkmen arheologiýa toparynyň döredilmegi bilen, biz fransuz medeniýetiniň Türkmenistanda ýaýylmagyna hem-de Siziň ýurduňyzyň köpasyrlyk taryhy mirasynyň Fransiýada we dünýäde wagyz edilmegine esaslanýan ýakynlaşmak ýoluny saýlap aldyk.

Şu 30 ýylyň içinde Türkmenistan fransuz kompaniýalary bilen binagärlik we gurluşyk, kosmosdan Ýere gözegçilik, senagat tehnologiýalary ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmäge, şeýle hem daşky gurşawyň, saglygy goraýşyň, howpsuzlygyň ählumumy meselelerini bilelikde çözmek üçin ony täze ulgamlarda giňeltmäge taýýardygymyza Sizi ynandyrmak isleýärin.

Jenap Prezident, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

 

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň telefon söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Teswirle