DÜNÝÄ

Makron täzeden prezidentlige saýlandy

Fransiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 58.32 göterimine eýe bolan Emmanuel Makron täzeden prezidentlige saýlandy. Şeýlelikde, Makron ýokary döwlet wezipesine ikinji möhlete saýlanmagy başardy.

Býulletenleriň 98 göterimi sanalandan soňra Makron sesleriň 58.32 göterimine, onuň esasy bäsdeşi Marin Le Pen bolsa 41,68 göterimine eýe boldy.

Le Pen saýlawlarda ýeňlendigini boýun alyp, parlament saýlawlarynda üstünlik gazanmak ugrunda tagalla etjekdigini mälim etdi. Ol özüniň bu saýlawlarda gazanan sesleriniň sanyny hem oňat görkeziji hökmünde belläp geçdi. 5 ýyl mundan ozal, ol saýlawlaryň ikinji tapgyrynda 35 göterim ses alypdy.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tatarystanyn-prezidenti-bir-gunluk-sapar-bilen-turkmenistana-geldi/

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Wena sapary

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy