SPORT

MakGregor “Çelsi” toparyny satyn almakçy

Irlandiýanyň garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türgeni Konor MakGregor iňlis futbol kluby “Çelsini” 1,5 milliard funt sterlinge satyn almaga taýýardygyny aýtdy.

Golaýda “Çelsi” futbol toparynyň eýesi Roman Abramowiç klubuň, janköýerleriň, işgärleriň, hemaýatkärleriň we hyzmatdaşlaryň peýdasyna bolar ýaly, topary satmak barada karara gelendigini mälim edipdi.

MakGregor özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torunda “1.5 milliard funt sterling teklibimi öňe sürýärin” -diýip belledi.

Abramowiç 2003-nji ýylda “Çelsi” toparyny satyn alypdy. 2012-nji ýylda London kluby taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasyny gazandy, 2021-nji ýylda “Çelsi” topary bu üstünligi gaýtalady.

“Çelsi” topary satylýar

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder